Jun 17, 2021 09:48 Asia/Ashgabat
  • Ýolbaşçynyň garaýşyndan; Näme üçin adamlaryň saýlawlara gatnaşmagynyň ähmiýeti

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, yslam ulgamynda respublikanyň halkyň gatnaşmagynda gazanylýandygyny we saýlawlara gatnaşmak az bolsa, duşmanyň zor aýtmaga mümkinçilikleriniň boljakdygyny aýtdylar.

Çarşenbe güni agşam telewideniýede eden çykyşynda Aýatolla Hameneýi, anna güni saýlanjak prezident saýlawynyň möhümdigini nygtap ýokary ses bilen saýlansa, prezidentiň güýçli  boljakdygyny we uly işler edip biljekdigini aýtdylar.

Eýrandaky saýlawlar, häkimiýetiň beýleki böleklerinden has köp, Yslam Eýranyň güýçlenmeginde we Yslam Respublikasynyň  dowam etmeginde  özboluşly orny eýeleýär.

Yslam respublikasynyň hemişelik bolmagynyň syry, halkyň möhüm syýasy sahnalara, esasanam prezident saýlawlaryna goldaw bermegi we iň köp gatnaşmagydyr.