-
Eýran bilen Ermenistanyň Kawkaz sebitiniň howpsuzlygyna berýän ünsi
Sep 14, 2022 06:10Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Räisi, sişenbe güni (13-nji sentýabr) Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň telefon jaňyna jogap edip sebitdäki dartgynlygyň dowam etmegine alada bildirdi.
-
Garibabadi: Amerikanyň adam hukuklary baradaky talaplary ýalandyr
Sep 13, 2022 16:05Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary işgärleriniň sekretary, Amerikanyň ynsanperwerlik kadasy babatly azyk we derman serişdelerine sanksiýalaryň girizilmändigi baradaky toslamalaryny uly ýalan diýip atlandyrdy.
-
Raisi: Eýranyň we Ermenistanyň taryhy serhetleri sebitdäki ýakynlygyň we howpsuzlygyň esasyny düzýär
Sep 13, 2022 12:41Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Eýranyň we Ermenistanyň taryhy serhetleri sebitiň gülläp ösmeginiň, ýakynlaşmagynyň we howpsuzlygynyň esasy hasaplanýar we Tähran sebitiň gülläp ösmegi we durnuklylygy üçin ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi ýüregine düwdi diýdi.
-
Amir Abdollahian: Etnik toparlaryň gatnaşmagy bilen giňişleýin döwletiň döredilmegi Owganystandaky parahatçylygyň we durnuklylygyň esaslaryndan biridir
Sep 13, 2022 12:20Eýranyň Daşary işler ministri, ähli etnik toparlaryň güýçli gatnaşmagy bilen giňişleýin hökümetiň döredilmegini Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak üçin zerur platformalaryň biri hökmünde baha berdi.
-
Eýran Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky düşünişmezlikleriň parahatçylykly ýollar arkaly çözülmegini nygtady
Sep 13, 2022 10:09Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky dartgynlygyň we serhet konfliktleriniň güýçlenmegine alada bildirmek bilen olary özlerini saklamaga we halkara hukugyna esaslanýan iki ýurduň arasyndaky dawalary parahatçylykly çözmäge çagyrdy.
-
Eýranda,Ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň 7-nji meýilnamasy
Sep 13, 2022 06:29Yslam Rewolýusiýasynyň Ýrolbaşçysy, Konstitusiýanyň 110-njy maddasyny durmuşa geçirmekde ýedinji meýilnamanyň umumy syýasatlaryny yglan etdi.
-
Eýran Yslam Respublikasynyň Harby deňiz güýçleriniň täze ýerüsti we ýerasty deňiz gämilerini görkezýär
Sep 12, 2022 19:01Eýran Yslam Respublikasynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi, täze raketa ulgamlarynyň, ýerüsti we ýerasty gämileriň görkeziljekdigini we mukaddes Goranmak hepdesi we Harby-deňiz güni bilen bir wagtda bu güýçiň söweş guramasyna goşuljakdygyny aýtdy.
-
Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň duýduryş bermegi
Sep 11, 2022 16:45Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani şenbe güni agşam, Ýewropa Troikasynyň Eýran baradaky soňky beýanatyny konstruktiw däl atlandyrdy.
-
Ýewropa Troikasynyň konstruktiw däl beýanyna Eýranyň reaksiýasy
Sep 11, 2022 13:03Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň konstruktiw däl beýanyna jogap edip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bu ýurtlara diplomatik prosesi ýok etmek tapgyryna girmegiň ýerine ýadro gepleşiklerinde çözülmän galan birnäçe meseläniň çözülmegi üçin olara çözgüt bermekde has işjeň rol oýnamaklygy maslahat berdi.
-
Eýranyň içeri işler ministri: Arbain beýik yslam jemgyýetiniň agzybirliginiň nyşanydyr
Sep 11, 2022 11:12Eýranyň içeri işler ministri Ymam Hosseýniň (AS) Arbaein (şehit bolmagynyň gyrky gününiň ýyl dönümi) dabarasy beýik yslam jemgyýetinde agzybirligiň we ýürekdeşligiň nyşanydyr diýdi.