-
Amir Abdollahýanyň Yragyň "Zaho" şäheriniň atylmagyny ýazgardy
Jul 21, 2022 14:47Eýranyň Daşary işler ministri "Zaho" şäheriniň atylmagyny ýazgarmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Yragyň durnuklylygy we howpsuzlygy üçin berk goldawyny nygtady.
-
Raisi: Siriýanyň goşunynyň bu ýurduň ähli serhetlerine gözegçilik etmegi zerurdyr
Jul 21, 2022 11:15Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Siriýanyň goşuny bu ýurduň ähli serhetlerinde agdyklyk etmeli we bu ýurduň milli özygtyýarlylygyna hormat goýulmalydyr diýdi.
-
Eýranda korona sebäpli 29 näsag öldi
Jul 21, 2022 10:53Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 ýokaşan 29 näsag öldi we bu keselden ölenleriň umumy sany 141,593-e ýetdi.
-
Kanani Çafi: Günbatar Aziýa sebiti köpçülikleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebitleýin dostluga we hyzmatdaşlyga mätäç
Jul 21, 2022 09:24Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Günbatar Aziýa sebiti galp bileleşikleriň we netijesiz goranyş ulgamlarynyň ýerine köpçülikleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebitleýin dostluga we hyzmatdaşlyga mätäç diýdi.
-
Yrak,Eýran bilen ilkinji uzak möhletli elektrik şertnamasyna gol çekdi
Jul 20, 2022 18:03Eýranyň energetika ministri, Eýranyň Günbatar Aziýanyň elektrik önümçiliginde ilkinji güýçdigini aýdyp elektroenergetika pudagynda uzak möhletleýin strategiki şertnamalaryň baglaşylmagyna tarap hereket etmek, hökümet üçin ýurt üçin ajaýyp netijeleri getiren işjeň sebit diplomatiýasynyň özeniniň biri boldy diýdi.
-
Brigada generaly Aştiani: Al-Kudsi basyp alyjy režim yslam ýurtlarynyň duşmanydyr
Jul 20, 2022 05:49Eýranyň Goranmak ministri, Türkiýäniň Goranmak ministri bilen duşuşygynda Al-Kudsyň basyp alyjy režimini Yslam ýurtlarynyň hakyky we baky duşmany diýip atlandyrdy.
-
Tähranda geçirilen Astana ýygnagyň soňky beýany: Siriýa konfliktine harby çözgüt ýok
Jul 20, 2022 03:52Eýran, Russiýa we Türkiýe ýurtlary Tähranda geçirilen Astana ýygnagynyň soňky beýanynda Siriýadaky konfliktiň hiç hili harby çözgüdiniň ýokdugyna ünsi çekdiler we terrorçylyga garşy ähli görnüşlerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini yglan etdiler.
-
Rewolýusiýanyň ýokary lideri: Amerikalylar Siriýada frat derýasynyň gündogaryndaky sebitden kowulmaly
Jul 20, 2022 03:36Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sişenbe agşam Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň ýanyndaky delegasiýa bilen bolan duşuşykda Siriýa meselesini diýseň möhüm hasaplap Siriýadaky ýene bir möhüm mesele, frat derýasynyň gündogaryndaky hasylly we nebite baý ýerleri Amerikalylaryň basyp almagydyr, bu mesele olaryň sebitden kowulmagy arkaly çözülmelidir diiýp beýan etdiler.
-
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Siriýa garşy harby hüjüm sebitdäki ýurtlara zyýan ýetirer we terrorçylara peýdaly bolar
Jul 20, 2022 03:19Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Siriýanyň territorial bitewiligini saklamaga ünsi çekdiler we şeýle diýdi: “Siriýanyň demirgazygyndaky islendik harby hüjüm hökman Türkiýä, Siriýa we tutuş sebite zyýan ýetirer we terrorçylara peýdaly bolar.
-
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Siriýanyň territorial bitewiligini goramaga ünsi çekdiler
Jul 19, 2022 16:52Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Siriýanyň territorial bitewiligini goramaga ünsi çekip , Siriýanyň demirgazygyndaky islendik harby hüjümi[ hökman Türkiýä, Siriýa we tutuş sebite zyýan ýetirer we terrorçylara peýdaly bolar diýip beýan etdiler.