-
Eýran Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga taýyn
May 24, 2022 17:32Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Yslam respublikasynyň Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
-
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň agzalarynyň Rewolýusiýanyň ýokary derejeli lideri bilen duşuşygy
May 24, 2022 17:28Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Prezidiumynyň agzasy, deputatlaryň 11-nji mejlisiň üçünji ýylynyň başynda Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy bilen duşuşjakdygyny habar berdi.
-
Eýran kazyýetiniň metbugat sekretary: BMG-nyň resmisiniň hasabaty Eýranyň haklydygyny subut etdi
May 24, 2022 12:30Eýranyň kazyýet ulgamynyň metbugat sekretary, BMG-nyň ýörite hasabatçysynyň ABŞ-nyň Eýrana garşy bir taraplaýyn sanksiýalaryny tankytlaýandygyna ünsi çekip BMG-nyň ýörite hasabatçysynyň jikme-jik hasabaty Eýran Yslam Respublikasynyň kanunydygyny we haklydygyny subut etdi diýdi.
-
Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär
May 24, 2022 11:27Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministri: Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we bilelikdäki maýa goýumlarynyň giňelmegi bilen iki ýurduň arasynda has çuňňur, has durnukly we has giň hyzmatdaşlyk gurlar diýdi.
-
General-maýor Salami: Duşmanyň islendik hereketi berk garşylyk bilen garşylanar
May 24, 2022 10:55Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi şehit Saýad Hodaýyň ganynyň biderek bolmajakdygyny aýtmak bilen duşmanyň haýsydyr bir hereketine berk garşylyk görkeziljekdigini aýtdy.
-
Eýranyň we Kataryň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly maslahatlaşma
May 23, 2022 09:21Eýranyň we Kataryň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlikde iki ýurduň liderleriniň arasynda baglaşylan iň soňky ylalaşyklaryň, Dünýä çempionatynyň we Tähran bilen Dohanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegini, şeýle hem sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
-
Mohber: Eýran bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda çynlakaý we gowy erk bar
May 22, 2022 11:50Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň Birinji orunbasary Gazagystanyň Söwda we konwergensiýa ministri bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginiň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda çynlakaý we gowy erk görkezýändigini aýtdy.
-
General-maýor Salami: Eýran görlüp-eşidilmedik sanksiýalarda möhüm ösüşleri gazandy
May 22, 2022 08:45Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi ABŞ-nyň görlüp-eşidilmedik sanksiýalary girizmek baradaky çäresine ünsi çekip, Eýranyň bu şertlerde möhüm ösüşleri we öňegidişlikleri gazanandygyny aýtdy.
-
Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisiniň orunbasary Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirlen dabara babatly minnetdarlygyny bildirdi
May 21, 2022 08:37Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisiniň orunbasary Atamyrat baýramow türkmeniň baýik şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirlen dabara babatly minnetdarlygyny bildirdi.
-
Hatibzadeh: Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys
May 21, 2022 14:02Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bilelikdäki serhet-de ýerleşen Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys diýmek bilen Hirman suwyndan peýdalanyp bilmek Eýranyň hakydyr diýip nygtady.