-
Yragyň premýer-ministriniň Pezeşkiany bu ýurda sapara çagyrmagy
Aug 23, 2024 08:35Yragyň daşary işler ministri Eýranyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Yragyň premýer-ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkianyň bu ýurda saparyna çakylygyny yglan etdi.
-
Pezeşkianyň Kabinetine teklip edilen ähli ministrlere Eýranyň Yslam Şura Mejlisi ynam sesini berdi
Aug 21, 2024 17:31Eýran Yslam Respublikasynyň 14-nji hökümeti tarapyndan teklip edilen ministrleriň hemmesi Yslam Şura Mejlisiniň wekilleriniň ynam sesini aldy.
-
Pezeşkian: Parahatçylyk, duýgudaşlyk we jebislik bilen üstünlige ýetip boljakdyr
Aug 21, 2024 16:46Eýranyň prezidenti Masud Pezeşikian umumy syýasatlar, maksatnama kanunlary we ýurduň gözýetimleri nukdaýnazaryndan umumy bir dile we düşünjä ýetmelidigimizi aýtmak bilen barlyşygy, duýgudaşlygy we jebisligi üstünligiň ýoly bildi.
-
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilçiligi: Genosid Ysraýyl režiminiň jenaýatlary görlüp-eşidilmedik derejededir
Aug 21, 2024 11:28Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliçiligi, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada 41 müňe golaý şehit bolan adamy ýatlap, genosid Ysraýyl režiminiň jenaýatlarynyň görlüp-eşidilmedik derejede bolandygyny aýtdy.
-
Eýran we Malaýziýa: Sionist režimi goldamak Gazadaky jenaýatlaryň dowam etmegine sebäp bolýar
Aug 19, 2024 18:03Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti we Malaýziýanyň premýer-ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýagdaýyna göz aýlamak bilen we Günbatar Aziýa sebitinde bolup geçýän wakalary barlamak bilen käbir günbatar ýurtlarynyň sionist režimini goldamagyny Gaza zolagynda jenaýatyň dowam etmegine sebäp hasapladylar.
-
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Ot açyşlygyň bes edilmegi baradaky gepleşikleriň Eýranyň Ysmaýyl Haniýehiň öldürilmegine berjek jogaby bilen hiç hili baglanyşygy ýokdyr
Aug 19, 2024 12:42Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Tähranyň Eýran Yslam Respublikasynyň resmi myhmany hökmünde Ysmaýyl Haniýehiň öldürilmegine berjek jogabynyň Gazadaky ýaraşyk gepleşikleri bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.
-
Eýran: Gazadaky betbagtçylyk üçin ähli hökümetler, halklar we guramalar jogapkärdirler
Aug 19, 2024 09:30Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Gaza zolagynda bolup geçýän aýylganç betbagtçylyga ähli hökümetleriň, ähli halklaryň we halkara guramalaryň jogapkärdigini aýtmak bilen, hereket etmeseler, Taryh we ynsanlaryň oýa wyjdanlary kazyýetinde hemişelik ýazgarylýar we günäkärlenmäge mynasypdyrlar diýip nygtady.
-
Pezeşkian Eýranyň halkara gatnaşyklarynda hormat, paýhas we maksadalaýyklyk ýörelgesine hormat goýjakdygyny nygdady
Aug 17, 2024 11:43Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, hormat, paýhas we maksadalaýyklyk ýörelgelerine laýyklykda halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagy we düzgünleşdirmegi Eýranyň 14-nji döwletiniň missiýalarynyň biri diýip atlandyrdy.
-
Bagheri: Amerika bitarap araçy däl-de, sionistleriň şärigi
Aug 17, 2024 09:31Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Sionistleri söweş ýaraglaryny üpjün edýän Amerika bitarap araçy däl-de, olaryň şärigidir diýdi.
-
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: ABŞ-nyň goldawy bilen sionist režimi adamzada garşy jenaýatlar bilen meşgullanýar
Aug 15, 2024 10:06Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ysraýylyň terrorçy we jynsparaz režimi birnäçe onýyllyklaryň dowamynda Günbataryň, esasanam ABŞ hökümetiniň doly goldawy bilen palestina halkynyň esasy, tebigy we adam hukuklaryny gödek we yzygiderli bozmaklyga we "adamzada garşy jenaýat" bilen meşgullandy" diýdi.