-
merkezi Aziýa ýurtlary bilen Owganystanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda maslahat geçirdiler
Dec 13, 2017 07:172017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi özüniň döredileniniň 10-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny gurnady.
-
Özbegistan bilen Türkmenistanyň daşary işler ministrleri iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtadylar.
Dec 12, 2017 19:24Özbegistanyň daşary işler ministri Abdolaziz Kamilow Aşgabada gurnan saparynda türkmen kärdeşi Reşid Meredow bilen duşuşyp iki taraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşdy.
-
Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanyň prezidenti bilen duşuşdy
Dec 10, 2017 17:11Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Owganystanyň paýtagty kabulda bu ýurduň prezidenti Muhammet Aşraf gani bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary ösdürmek barada pikir alyşdy.
-
ÝUNESKO “Küştdepdi” milli sungatynyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmek baradaky çözgüdi kabul etdi
Dec 10, 2017 16:08Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gatnaşyjylara ýüzlenip, aýdym aýtmagyň we tans etmegiň “Küştdepdi” milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilendigi baradaky hoş habary aýtdy.
-
Halkara hukuk kompaniýasy: Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy defolt ýagdaýynda
Dec 09, 2017 07:12“CIS Debt Recovery Solutions” hukuk kompaniýasy noýabrda “Türkmennebit” döwlet konserniniň öz hyzmatdaşlarynyň öňünde $8,5 million möçberinde şu wagta çenli töläp bilmedik bergisiniň bardygyny yglan etdi.
-
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny täzeden dikeldýär
Dec 08, 2017 17:39Türkmen demirýol gurluşykçylary Mary welaýatynyň serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça işleri yhlasly alyp barýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda goňşy ýurt üçin örän möhüm bolan bu taslama badalga berdi hem-de Owganystany Türkmenistanyň, onuň üsti bilen bolsa tutuş sebitiň ulag-logistika ulgamyna goşmaga uly mümkinçilikleri açýan demir ýoluň gurluşygyna başlanmagyna ak pata berdi.
-
Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahaty bolup geçdi
Dec 06, 2017 16:442017-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Moskwa şäherinde boldy we Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahatyna gatnaşdy.
-
28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi gecirile
Nov 26, 2017 18:502017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi geciriler.
-
Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler
Nov 25, 2017 09:27Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler
-
Türkmenistan Serhetabat-Turgundy demir ýol şahasyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny durmuşa geçirýär
Nov 25, 2017 09:23Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi.