-
Päkistanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy
Apr 20, 2024 09:372024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Ahsan Wagan bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi.
-
Türkmen-Özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Apr 16, 2024 09:372024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Daşkentde “Merkezi Aziýa - Aýlag hyzmatdaşlygy geňeşi” atly strategiki gepleşikleriň Daşary işler ministrleriniň ikinji ýygnagynyň maksatnamasynyň çäginde Özbegistan Respublikasynyň prezidenti Şawkat Mirziýýow Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.
-
Türkmenistanyň wekiliýeti «AADHG + MA» Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy
Apr 15, 2024 21:122024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Taşkent şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy.
-
Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi
Apr 13, 2024 11:092024-nji ýylyň 9-njy aprelinde EKOSOS-yň Guramaçylyk sessiýasynyň işiniň çäklerinde Geňeşiň kömekçi edaralaryna saýlawlar geçirildi.
-
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Apr 13, 2024 11:062024-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
-
Duşenbede türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi
Apr 06, 2024 10:52Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda aýdyňlyk bilen görkezildi. Oňa iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
-
Aşgabatda ÝHHG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy
Mar 07, 2024 09:562024-nji ýylyň 5-nji martynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda ÝHHG-niň üç ölçeginiň çäginde hyzmatdaşlygyň we sebit merkezleriniň işiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy geçirildi.
-
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Mar 07, 2024 09:542024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
-
Türkmenistanyň suw meselelerini deň derejede çözmäge ygrarlylygy
Mar 05, 2024 11:062024-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik forumy geçirildi. Onuň çäklerinde suw çeşmelerini, şol sanda serhetüsti suwlary ulanmaklyk esasy mesele bolup durýan agrosenagat toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça taraplaryň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri beýan edildi.
-
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy
Mar 03, 2024 10:002024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda boldy.