Zolnuri: Eýran 23-nji fewralda Goşmaça teswirnamanyň meýletin ýerine ýetirilmeginden çekiler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10024-zolnuri_eýran_23_nji_fewralda_goşmaça_teswirnamanyň_meýletin_ýerine_ýetirilmeginden_çekiler
Eýran mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň 2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda goşmaça teswirnamanyň meýletin ýerine ýetirilmeginden çekiljekdigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 28, 2021 09:40 Asia/Ashgabat
  • Zolnuri: Eýran 23-nji fewralda Goşmaça teswirnamanyň meýletin ýerine ýetirilmeginden çekiler

Eýran mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň 2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda goşmaça teswirnamanyň meýletin ýerine ýetirilmeginden çekiljekdigini aýtdy.

Bu kanunyň belli edilen wagty bar we Eýran 23-nji fewralda Goşmaça teswirnamany meýletin ýerine ýetirmekden çekiljekdir diýip Eýran mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Mojtaba Zolnuri sözüne goşdy.

Bu kanuna laýyklykda, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy,bütin borçlaryny ýerine ýetirendir diýip Zolnuri aýtdy.

Eýran mejlisiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy şeýle hem Ýewropalylaryň ýadro ylalaşygy alyp barşyny tankytlap egerde olar Kanunlary bozýan hereketlerini dowam etdirseler, sanksiýalary ýatyrmak üçin Strategiki Hereket Kanuny doly durmuşa geçiriler diýip nygtady.