Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Ymam Humeýniniň we şehitler mazaryna bardylar
Jan 31, 2021 11:24 Asia/Ashgabat
Fajr onlygynyň başlanmagy we Yslam Rewolýusiýasynyň şanly ýeňşiniň 42 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aýatolla Hameneýi şu gün irden (ýekşenbe) ir bilen Yslam Rewolýusiýasynyň düýbüni tutan Ymam Humeýniniň mazaryna baryp, aýat-töwhir okadylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy 1981-nji ýylyň 28-nji iýulynda şehit bolan Beheşti, Rajaei, Bahonar we başga şehitleriň mazarlaryna zyýarat etdi we Gudratygüýçli Alladan olara uly derejeleri dileg etdiler.
Soňra Aýatolla Hameneý şöhratly şehitleriň mazaryna baryp Yslamy we Eýrany goraýjylaryň mukaddes ruhlaryna salam berdiler.