Ruhani: Eýran Yslam Respublikasy mazlumlaryň hemaýatçysydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10046-ruhani_eýran_yslam_respublikasy_mazlumlaryň_hemaýatçysydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň kyrk ikinji ýyllygynyň başlanmagyny gutlamak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti ezilenlere goldaw berýändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 31, 2021 12:33 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran Yslam Respublikasy mazlumlaryň hemaýatçysydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşiniň kyrk ikinji ýyllygynyň başlanmagyny gutlamak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti ezilenlere goldaw berýändigini aýtdy.

"Hasan Ruhani" ýekşenbe güni, Yslam Rewolýusiýasynyň Fajr onýyllygynyň başlanmagyna gabat gelip, Demirgazyk Horasan we Kürdüstan welaýatlarynda suw we elektrik pudagynyň 13 milli we möhüm taslamasyny ulanmak dabarasynda beren gürrüňlerinde Bahmanyň 12-nji güni, Ymam Homeýniniň (ra) beýik güýçleriň çaklamalaryna ters gelýän halkyň özboluşly garşylanmagy bilen ýurda girdi we bu gün Eýranyň taryhynda şanly gündyr diýdi.

Ruhani şeýle-de bu gün, Eýranyň taryhy we beýik halky, azatlyk gözleýänler we dünýäniň musulmanlary üçin diýseň bagtly gündir diýmek bilen şeýle günde Ymam (ra) millionlarça Eýran halkynyň we deňsiz-taýsyz garşylamalary bilen ýurda girdi we merhum Ymamyň çäre görmegi bilen derrew şehitleriň mazaryna bardy bu bolsa örän möhümdir diýip beýan etdi.

prezident Ruhani Demirgazyk Horasan welaýatynda we Kürdüstanda möhüm milli taslamalaryň açylyşyna yşarat edip bu ýyl sanksiýalar we korona sebäpli halk üçin kyn ýyl bolsa-da, Ýokary Lideriň göz öňüne getiren öndürijilikli böküşi amala aşdy we ýylyň başyndan bäri her hepde ýurtda möhüm açyşlar boldy diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, suw we elektrik pudagynda görülýän uly çärelere ünsi çekip: Käbir adamlar Yslam rewolýusiýasynyň diňe syýasy tarapy bar we ýurduň garaşsyzlygy, ulumsylyga we zuluma garşy göreş diýip pikir edýärdiler, käbir adamlar hem Yslam ynkylaby yslamyň gurulmagy üçin we diňe ruhy tarapy bar diýip pikir etdiler, emma statistika, Yslam Rewolýusiýasynyň syýasy we ruhy meselelerden başga-da maddy pudaklara-da ähmiýet berendigini görkezýär diýdi.