Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10048-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan azyndan 1 million 210 müň adamyň dikeldilendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 31, 2021 12:41 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan azyndan 1 million 210 müň adamyň dikeldilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde we Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 6268 täze hassa ýüze çykaryldy, olaryň 469-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary edildi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sany bir million 417 müň  999 adama ýetdi diýdi.

Lari şeýle-de Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 70 sany kovid -19 hassa adamyň ölendigine yşarat edip, Eýranda bu keselden ölenleriň umumy sanynyň 57959-e ýetendigini aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözleriniň soňunda şu wagta çenli 1,210,51 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.

Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany 103 million adamdan geçdi, şolardan iki million 231 müňsi öldi we 74 milliondan gowrak adam sagaldy.