Eýranda bir million 223 müňden gowrak adam korona keselinden halas boldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan azyndan 1 million 223 müň adamyň dikeldilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde we Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 6 müň 820 täze hassa ýüze çykaryldy, olaryň 660-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary edildi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sany bir million 431 müň 416 adama ýetdi diýdi.
Lari şeýle-de Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 72 sany Covid -19 hassa adamyň ölendigine yşarat edip, Eýranda bu keselden ölenleriň umumy sanynyň 58110-e ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözleriniň soňunda şu wagta çenli 1,223,197 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.
Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany takmynan 104 million adama ýetdi, şolardan iki million 249 müňsi öldi we 75 milliondan gowrak adam sagaldy.