Rabiei: Eýranyň syýasaty Owganystandaky ähli syýasy toparlar bilen maslahatlaşmakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10076-rabiei_eýranyň_syýasaty_owganystandaky_ähli_syýasy_toparlar_bilen_maslahatlaşmakdyr
Eýran döwletiniň metbugat sekretary Talyban wekiliýetiniň Tährana sapary Owganystanyň hökümeti bilen utgaşdyrmak we Owganystandaky parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek maksady bilen Eýranyň ähli syýasy toparlar bilen hemişelik maslahatlaşmak syýasatyny dowam etdirmek üçin geçirildi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 02, 2021 12:52 Asia/Ashgabat
  • Rabiei: Eýranyň syýasaty Owganystandaky ähli syýasy toparlar bilen maslahatlaşmakdyr

Eýran döwletiniň metbugat sekretary Talyban wekiliýetiniň Tährana sapary Owganystanyň hökümeti bilen utgaşdyrmak we Owganystandaky parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek maksady bilen Eýranyň ähli syýasy toparlar bilen hemişelik maslahatlaşmak syýasatyny dowam etdirmek üçin geçirildi diýdi.

Eýranyň döwletiniň metbugat sekretary Ali Rabiei sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Talybanyň Tähranda bolmagy barada açyklama berip: Uzyn serhetleri we taryhy gatnaşyklary sebäpli Owganystanyň meseleleri Owganystanyň beýleki goňşulary ýaly Eýranyň howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýär, şonuň üçin Tähran Owganystanyň howpyna we durnuksyzlygyna biperwaý garap bilmez diýdi.

Rabiei sözüniň  dowamynda bu duşuşygyň maksady, Talyban "ýaly ähli syýasy toparlaryň merkezi hökümet üçin goldawyny üpjün etmek we parahatçylyk prosesini güýçlendirmek we Owganystandaky durnuklylygy berkitmekdir diýip yglan etdi.

Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary şeýle-de Owganystandaky howpsuzlyk meselelerine harby çözgüt tapylmaýandygyny aýtmak bilen Owganystandaky parahatçylyk sebitara güýçleriň gatyşmazlygy we ähli etnikleriň we toparlaryň owgan halkynyň isleginiň çäginde gazanylmalydyr diýdi.

Metbugat ýygnagyny dowam etdiren Rabiei, borçnamalaryň doly ýerine ýetirilmeginiň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmeginiň ýeke-täk lakla laýyk ýoludygyny aýtmak bilen şeýle diýdi: ABŞ-nyň täze administrasiýasy taryhyň tersine ýa-da sebäp we netije kanunyny üýtgedip bilmez diýip beýan etdi.

Eýran hökümetiniň metbugat sekretary sözüniň dowamynda Amerika ýadro ylalaşygyndaky agzalygyny bes eden we diňe ýadro ylalaşygy däl, eýsem Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny hem birtaraplaýyn sanksiýalar girizmek bilen bozan ýeke-täk tarapdyr diýdi.