Bagheri Kani: Eýranly aýallar soňky dört onýyllygyň dowamynda jemgyýetde hereketlendiriji güýje öwrüldi
Eýran kazyýet güýjüniň adam hukuklary boýunça merkeziniň sekretary Eýranly aýallar soňky dört onýyllygyň dowamynda jemgyýetde hereketlendiriji güýje öwrüldi diýdi.
Eýranyň kazyýet güýjüniň adam hukuklary boýunça merkeziniň sekretary Ali Bagheri kani penşenbe güni Syýasatşynaslyk, aýallary tanamak ylmy we gelejek boýunça halkara konferensiýada beren gürrüňlerinde "Aýallaryň hukuklarynyň" ölçegleri baradaky jedeller, aýalyň şahsyýetiniň we aýratynlyklary barada umumy pikire ýetýänçäk gutarmaz diýdi.
Bagheri Kani şeýle-de öz deňagramly kimligi we şahsyýeti barada karara ýetmekleri hakda Aýal-gyzlara pursat bermelidir diýip aýtdy.
Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary işgärleriniň sekretary aýal-gyzlaryň hukuklary babatynda iň uly kynçylygy aýal-gyzlar meselesiniň syýasylaşdyrylmagy diýip atlandyrmak bilen we şeýle diýdi:soňky dört onýyllygyň dowamynda Eýranly aýallar we gyzlar halkara jemgyýetçiligine aýal-gyzlaryň täsirli şekillendirilmegi barada täze garaýyş hödürläp, aýal-gyzlary jemgyýetiň hereketlendiriji güýji etdi.