Ruhani: Korona garşy sanjym şu hepde-den başlanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ýurtda korona wirusa garşy sanjym şu hepde Saglygy goraýyş ministrliginiň kesgitlän ileri tutulýan ugurlary esasynda başlar diýip yglan etdi.
IRNA-nyň habaryna görä, Hasan Ruhani şu gün ýurduň Korona garşy Milli ştabynyň mejlisinde Eýranda korona wirusyň ýaýramagynyň bir ýylla golaýlamagyna yşarat edip bu pandemiýa bütin dünýäde aýratyn şertler döretdi, şonuň üçin wirus ýokaşmazlagyň iň oňat usuly onuň öňüni almakdyr.
Ruhani sözüniň dowamynda elbetde, biz Eýranda korona garşy bolan ähli meşhur dermanlary öndürmäge synanyşdyk bu dermanlar öndürildi we hassahanalarymyz üçin elýeterli boldy diýmek bilen eger hemmämiz bilelikde işlesek, koronaň öňüni alyp bileris diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýurtda sanjym barada-da gürrüň gozgap, Immunizasiýa etmegiň usullaryndan biri köpçülikleýin howpsuzlygy döredýän sanjymdyr, bu adaty bolmaly bolsa, bir ýa-da iki ýyl garaşmaly bolarys, ýöne bu kesel köp adam pidalaryna we köp problemalara sebäp bolmagy sebäpli Bütindünýä saglygy Gurama gyssagly rugsat berdi diýip açyklap aýtdy.
Ruhani sözüniň ýene bir bölüminde ähli guramalar Eýranda sanjym etmäge taýýardyrlar we bagtymyza sanjymyň ilkinji ýüki hem ýurda geldi; şonuň üçin bu hepde, ýagny Fajr onýyllygy we milli baýramçylyk hepdesi, sanjym Bahmanyň 22-nji gününden öň Saglyk ministrliginiň kesgitlän ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp başlar diýip mälim etdi.
Ruhani sözüniň ahyrynda ilkibaşda olara has köp howp abanýan bejeriş işgärleriniň bu sanjymy iki tapgyrda alyp biljekdigi we netijede ýokary derejede ynam gazanylmagy bizi diýseň begendirjekdigini aýtmak bilen Soňra garrylar we esasy keselleri bolanlar sanjym ediler diýdi.