Eýranda bir million 253 müňden gowrak adam korona keselinden halas boldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan azyndan 1 million 253 müň adamyň dikeldilendigini habar berdi
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp beren gürrüňlerinde, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 7 müň 65 täze hassa ýüze çykaryldy, olaryň 544-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary edildi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sany bir million 466 müň 435 adama ýetdi diýdi.
Lari şeýle-de Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 57 sany kovid -19 hassa adamyň ölendigine yşarat edip, Eýranda bu keselden ölenleriň umumy sanynyň 58469-e ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözleriniň soňunda şu wagta çenli 1,253,554 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.
Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany 106 million adamdan geçdi, şolardan iki million 321 müňsi öldi we 78 milliondan gowrak adam sagaldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 27 milliondan gowrak adama koronawirusy ýokaşdy we azyndan 473,000 pida boldy.