Amir Abdollahian: Tähran-Moskwa gatnaşyklary strategikidir
Eýranyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklary strategiki hasaplamak bilen Eýranyň mejlisiniň başlygynyň Orsýet-e eden sapary söwda, ykdysady, senagat we medeni gatnaşyklary ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir diýdi.
Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf şu gün (ýekşenbe) wekiliýetiň başynda Moskwa sapar etdi.
Eýranyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi Huseýin Amir-Abdollahian bu sapara salgylanyp: Eýranyň kanun çykaryjy mejlisiniň başlygynyň Orsýet-e eden sapary, Kronyň çäklendirmeleriniň aýratyn ýagdaýlaryna garamazdan möhüm sebit we halkara özgerişleri göz öňünde tutup amala aşyrylýar diýdi.
Amir Abdollahian sözüniň dowamynda Jenap Galibafyň Moskwada bolan döwründe, Dumanyň we Senatyň başlyklary we Orsýetiň käbir ýokary derejeli hökümet işgärleri bilen duşuşyklar we geňeşmeler ýaly möhüm meýilnamalar düzüldi diýip yglan etdi.