Galibaf rewolýusiýanyň ýokary ýolbaşçysynyň sargydyny rus hökümetine ýetirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10210-galibaf_rewolýusiýanyň_ýokary_ýolbaşçysynyň_sargydyny_rus_hökümetine_ýetirdi
Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy, Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň sargydyny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine bermek üçin şu gün rus kärdeşi Wiçislaw Waludine gowşurdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 08, 2021 14:52 Asia/Ashgabat
  • Galibaf rewolýusiýanyň ýokary ýolbaşçysynyň sargydyny rus hökümetine ýetirdi

Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy, Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň sargydyny Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine bermek üçin şu gün rus kärdeşi Wiçislaw Waludine gowşurdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Muhammet Bager Galibaf" bu duşuşykda: Yslam rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Orsýet hökümetine iberen sargydy iki ýurduň arasyndaky strategiki gatnaşyklaryň çägindedir diýdi.

Galibaf, Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Eýran-Orsýet gatnaşyklaryny ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gurluşyny giňeltmäge berýän ünsi barada durup geçdi we Orsýet saparynyň iň möhüm maksatlarynyň biriniň muny nygtamakdygyny aýtmak bilen Tähran-Moskwa gatnaşyklary global özgerişleriň täsir astynda üýtgemez diýdi.

Eýranyň mejlis başlygy hökmünde ilkinji daşary ýurt sapary wagtynda Muhammet Bager Galibaf parlament delegasiýasyna ýolbaşçylyk etdi we ýekşenbe güni agşam Orsýetiň Döwlet Dumasynyň başlygy Wiçislaw Waludiniň resmi çakylygy bilen Moskwa bardy.