Eýranyň Ýemen krizisini çözmäge taýýardygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10214-eýranyň_Ýemen_krizisini_çözmäge_taýýardygy
Eýranyň Daşary işler ministri, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasynyň Yemen krizisini çözmekde alyp barýan möhüm roluny goldamaga doly taýýardygyny mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 08, 2021 16:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Ýemen krizisini çözmäge taýýardygy

Eýranyň Daşary işler ministri, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasynyň Yemen krizisini çözmekde alyp barýan möhüm roluny goldamaga doly taýýardygyny mälim etdi.

BMG-nyň baş sekretarynyň Ýemen işleri boýunça ýörite wekili Martin Griffiths, Ýemen krizisiniň dürli taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasyna bardy we Ýemen krizisinde bolup geçen soňky wakalar we parahatçylygy gazanmagyň ýollary barada pikir alyşmak üçin Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşyp pikir alyşdy.

Bu duşuşykda, Eýranyň Daşary işler ministri Ýemen krizisiniň başlamagyndan soňky wakalara, esasanam Eýran Yslam Respublikasynyň şu ýyllarda we dürli ýollardan hereketleriniň we başlangyçlaryna yşarat edip Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki bu uly ynsanperwerlik krizisini ýok etmek baradaky garaýşyny we Ýemeniň mahrum halkynyň agyrysyny we kynçylyklaryny ýeňletmegiň zerurdygyny beýan etdi we Ýemen krizisiniň ýeke-täk çözgüdiniň uruş däl-de syýasat arkaly bolandygyny aýtdy.

Duşuşykda Martin Griffiths hem Eýran Yslam Respublikasynyň Ýemende parahatçylygyň we asudalygyň döredilmegine bolan garaýşynyň möhümdygyna yşarat edip BMG-nyň Ýemendäki krizisi ýaraşyk, ykdysady kömek we syýasy gepleşikleriň täzeden başlamagy arkaly çözmek baradaky garaýşyny beýan etdi.