Ruhani: Sanjym ertir Eýranda başlanýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10220-ruhani_sanjym_ertir_eýranda_başlanýar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýranda sanjym ertir (sişenbe) başlar we Korona garşy Milli ştabyň tarapyndan tassyklanan resminamanyň çäginde çalt dowam eder diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 08, 2021 18:48 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Sanjym ertir Eýranda başlanýar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýranda sanjym ertir (sişenbe) başlar we Korona garşy Milli ştabyň tarapyndan tassyklanan resminamanyň çäginde çalt dowam eder diýdi.

Hasan Ruhani duşenbe güni ikindin çarwa we oba maýa goýum taslamalaryndan we Zähmet ministrliginiň milli taslamalaryndan peýdalanmak dabarasynda beren gürrüňlerinde Ertir (sişenbe) korona garşy sanjymyň Eýranda başlanjak günidir şonuň üçin bu gün bagtly gündir we korona garşy Milli ştabyň tarapyndan tassyklanan we yglan edilen resminama laýyklykda taslama çalt dowam etdiriler diýip beýan etdi.

Ruhani sözüniň dowamynda geljek ýyl adamlar üçin bu wirusa garşy göreşmek ugurda has gowy ýyl bolmagyny hem-de başa barmadyk sanksiýalar babatynda ýurduň tagallalary bilen halkyň ýaşaýyş şertleriniň has gowulaşmagyny umyt edýäris diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Fajr onýyllygyny gutlap, ýurduň obalarynda dürli taslamalaryň açylmagyna kanagatlanma bildirmek bilen şeýle diýdi: Bu maksatnamanyň başynda we ondan soňky taslamalarda 142,000 taslamanyň açylmagy we ulanyşa berilmegi, häzirki wagtda ýurduň obalarynda gaty gowy özgerişlige şaýat bolýandygymyzy aňladýar diýip sözlerine goşdy.