Zarif: Amerika ýadro şertnamasyna gaýdyp, borçlaryny ýerine ýetirmelidir
Eýranyň daşary işler ministri twitde ABŞ-nyň ýadro şertnamasyndan bikanun we birtaraplaýyn çykandygyny ýatlatdy we ABŞ-nyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmelidigini we borçlaryny ýerine ýetirmelidigini aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Muhammet Jawad Zarif duşenbe güni agşam bu twitinde ýaradro şertnamasyny terk eden we bozan Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr, şonuň üçin ABŞ ýadro şertnamasyna gaýdyp öz borçlaryny ýerine ýetirmelidir diýdi.
Zarif sözüni dowamynda Baýden Trumpyň şowsuz syýasatlaryndan daşlaşýandygyny ýa-da şowsuz syýasatlaryna eýerýändigini saýlamalydyr diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Trumpyň şowsuzlyklaryny dowam etdirmek diňe has köp şowsuzlyga sebäp bolar diýip sözlerine goşdy.