Beýik Pygamber 16 atly Ynkylap goragçylarynyň gury ýer güýçleriniň türgenleşiginiň soňy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10286-beýik_pygamber_16_atly_ynkylap_goragçylarynyň_gury_ýer_güýçleriniň_türgenleşiginiň_soňy
Türgenleşik tamamlanandan soň, Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi Sepahyň gury ýer güýçleri diridigini, ösýändigini we öňe barýandyklaryny görkezdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 12, 2021 11:56 Asia/Ashgabat
  • Beýik Pygamber 16 atly Ynkylap goragçylarynyň gury ýer güýçleriniň türgenleşiginiň soňy

Türgenleşik tamamlanandan soň, Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi Sepahyň gury ýer güýçleri diridigini, ösýändigini we öňe barýandyklaryny görkezdi diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, general-maýor "Huseýin Salami", ýurduň günorta-günbataryndaky umumy sebitde anna güni irden tamamlanan Beýik Pygamber 16 atly Sepah Pasdaranyň gury ýer güýçleriniň türgenleşiginiň ahyrynda çykyş edip, bu maşkyň gije-gündiz amallarynda iň güýçli we takyk maşklaryň biridigini aýtmak bilen bu maşk we türgenleşik, bizi mukaddes goranmak döwrüniň epiki gijelerine, Karbala 5, Wal-Fajr 8, Fath al-Mubin, Beýtol-Mukaddes we Taryk-Algudus gijelerine eltdi diýdi.

Yslam Rewolýusiýa Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi şeýle-de, bu türgenleşige gatnaşan serkerdelere, söweşijilere we sebitiň akylly, wepaly we ynkylapçy adamlaryna minnetdarlyk bildirmek bilen şeýle diýdi: Häkimiýet, goranmak, garşylyk we duşmana garşy seweş ruhy diridir we Sepahyň gury ýer güýçleri janly, ösýändiklerini we öňe barýandyklaryny görkezdiler diýip nygtady.

Ol sözüni dowamynda Sepah Pasdaranyň gury ýer güýçleri howpsuzlygymyzy, garaşsyzlygymyzy, abraýymyzy we mertebämizi kepillendirýän güýçdigini aýtdy.

Beýik pygamberimiz (saw) 16 atly Sepahyň gury ýer güýçleriniň tügenleşigi düýn (penşenbe) general-maýor Hüseýin Salaminiň, Sepahyň brigada generaly Muhammet Pakpuryň, Sepahyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi we bir topar serkerdäniň we Hatam Al-Anbia Merkeziniň işgärleri we hünärmenleri ýaragly Güýçleriň we Sepahyň Baş ştabynyň gatnaşmagynda ýurduň günorta-günbataryndaky umumy meýdanynda başlandy.