Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10288-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny açyklap berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 12, 2021 12:08 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny açyklap berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan azyndan 1 million 285 müň adamyň dikeldilendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde we Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 7 müň 298 täze hassa ýüze çykaryldy, olaryň 557-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary edildi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sany bir million 503 müň  753 adama ýetdi diýdi.

Lari şeýle-de gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 58 sany kovid -19 hassa adamyň ölendigine yşarat edip, Eýranda bu keselden ölenleriň umumy sanynyň 58 müň 809 adama ýetendigini aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözleriniň soňunda şu wagta çenli 1 million 285 müň 14 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.

Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany 107 million adamdan geçdi, şolardan azyndan iki million 300 müňsi öldi.