Garibabadi: Agentlige Eýranyň pikirleri we aladalary barada habar berildi
Feb 14, 2021 19:05 Asia/Ashgabat
Eýranyň ilçisi we halkara guramalarynyň hemişelik wekili Eýranyň gizlinlik ýörelgesi bilen baglanyşykly aladalarynyň Halkara Atom Energiýasy Guramasyna resmi taýdan habar berlendigini aýtdy.
Kazem Gharibabadi habarçylar bilen söhbetdeşlikde Agentligiň içerki düzgünleri bilen baglanyşykly meselelerde gizlin maglumatlary goramagyň uzak wagtdan bäri esasy mesele bolandygyny aýdyp Şeýle-de bolsa, bar bolan kadalaşdyryjy düzgünlere garamazdan, soňky iki onýyllygyň dowamynda Agentligiň gizlin maglumatlaryna syzmak ýa-da rugsatsyz girmek Agentlik bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşykda uly kynçylyk boldy diýip nygtady.