Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda korona wirusy ýokaşan azyndan 1 million310 müň adamyň dikeldilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde we Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 8 müň 11 täze hassa ýüze çykaryldy, olaryň 690-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary edildi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sany bir million 534 müň 34 adama ýetdi diýdi.
Lari şeýle-de gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 89 sany kovid -19 hassa adamyň ölendigine yşarat edip, Eýranda bu keselden ölenleriň umumy sanynyň 59 müň 117 adama ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary sözleriniň soňunda şu wagta çenli 1 million 310 müň 821 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy diýip habar berdi.
Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany 110 million adamdan geçdi, şolardan azyndan iki million 420 müňsi öldi.