Hatibzadeh: Erbil wakasynyň Eýrana degişli edilmegi şübheli we ýazgarylýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10312-hatibzadeh_erbil_wakasynyň_eýrana_degişli_edilmegi_şübheli_we_ýazgarylýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary düýn Erbildäki waka barada çap edilen habarlar we bu meselede käbir şübheli myş-myşlar barada beren gürrüňlerinde Eýran bu myş-myşlary düýbünden inkär edýär, we ony Eýrana degişli etmek baradaky şübheli synanyşyklary hem berk ýazgarýar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 16, 2021 14:32 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Erbil wakasynyň Eýrana degişli edilmegi şübheli we ýazgarylýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary düýn Erbildäki waka barada çap edilen habarlar we bu meselede käbir şübheli myş-myşlar barada beren gürrüňlerinde Eýran bu myş-myşlary düýbünden inkär edýär, we ony Eýrana degişli etmek baradaky şübheli synanyşyklary hem berk ýazgarýar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" sözleriniň dowamynda Eýran Yragyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny sebit we goňşulary üçin möhüm mesele hasaplaýar we bu ýurtdaky parahatçylygy we tertibi bozýan islendik çäräni ret edýär diýip nygtady.

Hatibzadeh şeýle hereketleri şübheli diýip häsiýetlendirip, Yrak hökümetini bu hereketleri edenleri yzarlamak we olara garşy göreşmek üçin zerur görkezmeler bermäge çagyrdy.

Yragyň prezidenti Barham Saleh, Erbil howa menziliniň nyşana alynmagynyň ýurduň howpsuzlygyny we raýatlarynyň howpsuzlygyny goramaga gönükdirilen terrorçylyk hereketini aňladýandygyny aýtdy.

Yragyň premýer-ministri we ýaragly Güýçleriniň baş serkerdesi Mustafa al-Kazemi Erdil halkara howa menziline raketa hüjümini derňemek üçin Kürdüstan sebiti bilen bilelikdäki komitet döretmegi buýurdy.

Täze döredilen Saraýa Awliya al-Dam topary Erbile edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we Amerikaly basybalyjylaryň Yragyň hiç bir ýerinde howpsuz bolmazlygyny yglan etdi.