parahatçylyk we dostluk; Eýran-Russiýa deňiz türgenleşiginiň iň möhüm sargydy
Eýran-Russiýa 2021 Deňiz howpsuzlygy guşagy diýen maşkyň metbugat sekretary bu türgenleşik, gatnaşyjy ýurtlaryň ýyllyk senenamasyna girizildi we parahatçylyk we dostluk bilelikdäki deňiz maşklarynyň iň möhüm sargydydyr diýdi.
Eýran-Russiýa 2021 Deňiz howpsuzlyk guşagynyň bilelikdäki türgenleşigi şu gün irden (sişenbe) Demirgazyk Hindi ummanynda we Oman deňzinde başlandy we iki gün dowam eder.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran-Russiýa 2021 deňiz howpsuzlygy guşak türgenleşiginiň metbugat sekretary admiral Golamreza Tahani şu gün metbugat ýygnagynda Demirgazyk Hindi ummany sebitiniň ähmiýetine yşarat edip Demirgazyk Hindi ummany dünýädäki bäş strategiki bogazdan üç sany strategiki bogazyň arasyndadyr, Hormuz bogazy demirgazykda, gündogarda Malakka bogazy we Demirgazyk Hindi ummanynyň günbatarynda Bab al-Mandeb bogazy ýerleşýär şonuň üçin bu duýgur sebitde täjirçilik gämileriniň we nebit tankerleriň hereketi sebäpli deňiz söwda howpsuzlygyny ýola goýmak zerurlygy iki esse artdyrýar diýip beýan etdi.
Eýran goşunynyň deňiz flotunyň serkerdesi, admiral Amir Huseýin Hanzadi hem şu gün beren gürrüňlerinde "Demirgazyk Hindi ummanynda birleşdirilen deňiz howpsuzlygy türgenleşiginiň umumy maksady sebitde köpçülikleýin howpsuzlygy gazanmakdyr we bu türgenleşige Hindi deňiz güýçleri hem goşular" -diýdi.