Ruhani: ýadro ylalaşygy täzeden ara alyp maslahatlaşmak mümkin däldir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, dürli ýurtlaryň uzak wagtlap dowam eden tagallalarynyň netijesi bolýan ýadro ylalaşygyny gaýtadan ara alnyp maslahatlaşylmagyny bolmajak iş hasaplamak bilen onuň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna ters gelýändigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni agşam Şweýsariýanyň prezidenti Gaý Parmelin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Tähran bilen Berniň arasyndaky gowy gatnaşyklary taryhy we çuň diýip häsiýetlendirmek bilen bu gowy gatnaşyklary bilelikdäki mümkinçilikleriň ýokary bolmagy sebäpli we bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ýol kartasynyň çäginde öňkülerinden has köp ösdürmeli we çuňlaşdyrmaly diýdi.
Ruhani, Eýran halkyna abanýan howplar, basyşlar we zorluklar arkaly çözgütleriň hökman başa barmandygyny aýtmak bilen Meseleleri diňe rasionalizm we birek-birege hormat goýmak usullary arkaly ýeňip bolar diýip nygtady.
Eýranyň prezidenti, Tähranyň ýadro ylalaşygy baradaky strategiýasynyň düşnüklidigini aýtmak bilen ABŞ tarapyndan sanksiýalaryň diňe kagyz ýüzünde däl-de eýsem iş ýüzünde ýatyrylmagy, şeýle bolan ýagdaýynda biz hem ýadro şertnamasy boýunça azaldan borçnamalarymyzy ýerine ýetirers diýdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Şweýsariýanyň prezidenti halkara arenasyndaky häzirki ýagdaýa ähli ýadro ylalaşygyna agza taraplaryň öz borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin ýene bir pursat hökmünde garady we şeýle diýdi: Şweýsariýa bu ugurda tagalla etmäge taýýardyr.