Haji: Siriýa barada gowy ylalaşyk gazandyk
Feb 17, 2021 15:24 Asia/Ashgabat
Soçide Astana prosesi boýunça uly hünärmenleriň 15-nji ýygnagynyň çäginde Eýranyň Daşary işler ministriniň uly kömekçisi: "Bu ýygnakda agzalaryň arasynda Siriýanyň dürli meseleleri boýunça hemde parahatçylyk üçin täsirli boljak gowy ylalaşyk gazandyk diýdi . "
Çarşenbe güni IRNA bilen geçirilen söhbetdeşlikde Daşary işler ministriniň ýörite syýasy meseleler boýunça uly geňeşçisi Ali Asghar Haji Jemleýji beýany taýýarlamak üçin geçirilen üçtaraplaýyn ýygnakda Siriýadaky soňky wakalara syn berildi we meýdan, terrorçylyk, ynsanperwerlik we konstitusiýa komiteti ýaly dürli meseleler boýunça gowy ylalaşyga gelindi diýip yglan etdi.