Ruhani: Ýadro ylalaşygy saklamagyň ýeke-täk usuly ABŞ-nyň adamkärçiliksiz sanksiýalaryny ýatyrmakdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Amerikanyň ozalky dolandyryşy wagtynda ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan birtaraplaýyn çykarylandan soň ýadro ylalaşygyň borçlaryny ýerine ýetirmekdäki Ýewropanyň işini tankytlamak bilen Eger hakykatdanam ýadro ylalaşygy we onuň maksatlaryny goramak isleýän bolsak, iş ýüzünde we kesgitlenen gurluşyň çäginde onuň netijeliligini görmelidiris we Ýewropa muny iş ýüzünde subut etmelidir diýdi.
Çarşenbe güni agşam Germaniýanyň kansleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Hasan Ruhani ýadro ylalaşygyna täze meseleleriň girizilmeginiň mümkin däldigini aýtmak bilen, ýadro şertnamasy, Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tassyklanan resminama we Eýranyň we dünýäniň iň uly alty ýurdunyň uzak wagtlap eden tagallalarynyň netijesi hökmünde aýdyň çarçuwaly we üýtgedilip bilinmez diýip nygtady.
Ruhani, sanksiýalaryň dowam etmegi we taraplaryň borçlaryny ýerine ýetirmezligi sebäpli ýadro ylalaşygyň dowam etmeginiň bikanun we kabul edilip bilinmejekdigini aýdyp, ýadro şertnamasyny gorap saklamagyň ýeke-täk usuly ABŞ-nyň adamkärçiliksiz we bikanun sanksiýalaryny ýatyrmak,we soňra bolsa ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmekdir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, döwletiň mejlisiň makullan kanuny esasynda beýleki tarapyň borçnamalary ýerine ýetirmezliginiň we sanksiýalaryň ýatyrylmazlygynyň garşysynda mundan beýläkki borçnamalary azaltmaga borçlydygyny aýtmak bilen eger-de sanksiýalar ýatyrylsa, borçlarymyzy ýadro ylalaşygy görnüşinde doly ýerine ýetireris diýip beýan etdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Ruhani Eýran-Germaniýa gatnaşyklarynyň taryhy geçmişine yşarat edip iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak ugrundaky tagallalara, esasanam ykdysady we söwda gatnaşyklaryna ünsi çekdi we bu ugur ähli mümkinçilikleri ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Ruhani, korona wirusynyň we Ýewropada onuň ösen görnüşiniň ýaýramagynyň kynçylyklaryna yşarat edip Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň we bu kesele garşy göreşde tejribe alyşmagyň zerurdygyny aýtdy.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel hem ýadro ylalaşygy halkara şertnamasy hökmünde saklamagyň we düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmegiň we sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy goramak üçin ähli ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurdygyny aýtdy.