Namaki: Dermany üpjün etmek üçin köp ýollaryň yzynda boldyk
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri dewa-derman gadagançylygynyň ýokdugy baradaky uly ýalana garamazdan, derman serişdelerini import etmek üçin müň ýoly yzarladyk diýip yglan etdi.
Eýran Press habarlar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni Eýranyň Saglyk ministri Said Namaki Bütindünýä bankynyň maliýe kömeklerinden satyn alnan lukmançylyk enjamlary taslamasynyň açylyş dabarasynda: Bütindünýä banky bize kän bir kömek etmese-de, sanksiýalar ýyllarynda Eýranyň iki aýakda durup we tupanlardan geçip biljekdigine dünýä düşünmelidir diýdi.
Namaki şeýle-de dünýäde koronanyň ösmegi we Eýranda dolandyrylyşynyň şertleri barada beren gürrüňlerinde korona Eýranda görünen zamanynda, elhenç tupanda masklary we saglygy goraýyş işgärleriň iş eşiklerini satmadylar emma biz 50 günüň dowamynda bu lukmançylyk enjamlary önderip onsuň bu enjamlary eksport edip başladyp diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministri şeýle-de häzirki wagtda global saglyk işgärleri we dünýä Eýrana kömek etseler, bu saglyk ulgamyny berkitmäge kömek etjekdigine düşünendiler diýip yglan etdi.