Ruhani: Amerika döwletiniň kanunlara we düzgünlere boýun bolmakdan başga çäresi ýokdyr
Eýranyň prezidenti, şu gün Amerikanyň halkynyň we bu ýurduň täze hökümetiniň Eýran barada ýalňyşlyk goýberendiklerine göz ýetirendigini aýtmak bilen Kanuna boýun bolmak aýyp däl we ABŞ-nyň hökümetiniň kanunlara we düzgünlere boýun bolmakdan başga çäresi ýokdyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni Hormozgan, Kerman we Mazandaran üç welaýatynda milli senagat we dag-magdan taslamalarynyň açylyş dabarasynda beren gürrüňlerinde şu günler Eýranyň ABŞ-a basyş etmek üçin ädim ätdi diýen Propagandalardaky gürrüňleriň nädogrydygyna yşarat edip, biziň isleýän zadymyz kanunyň we borçlarynyň ýerine ýetirilmegidir diýip açyklap aýtdy.
Ruhani şeýle-de halkara düzgünlerine we borçlaryna hormat goýmak we olary ýerine ýetirmek ähli hökümetleriň adamkärçilikli we syýasy borçlaryndan biridigini aýtmak bilen Amerikalylaryň kanunyň kadalaryna gaýdyp gelmeklerini we borçnamalaryna we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyndaky düzgünlerine boýun bolmagyny umyt edýäris diýip belläp geçdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şu gün açylan meýilnamalara we taslamalara 8 müň 500 milliarddan gowrak tomanyň maýa goýum bolandygyna yşarat edip Milli taslamalaryň açylyşy önümçilikde badalgasyny we ýurduň janly we işjeňdigini görkezýär diýdi.