Waezi: Russiýanyň Korona sanjymynyň önümçilik liniýasy Eýranda döredildi
Feb 19, 2021 11:49 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy Eýranda rus korona sanjym önümçilik liniýasynyň işe giriziljekdigini habar berdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy "Mahmud Waezi" anna güni Russiýadan korona sanjymynyň satyn alynmagy we Eýranda korona sanjymyny bilelikde öndürmek üçin iki ýurduň arasyndaky bolan utgaşyklyga yşarat edip Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Azyk we drman serişdelerini dolandyryş müdirliginiň başlygynyň Russiýa eden sapary wagtynda Eýranda sanjym önümçilik liniýasyny döretmek barada ylalaşyga gelindi diýip habar berdi.