Ruhani, Ärdogan bilen telefon arkaly gürleşdi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Türkiýäniň prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birtaraplaýyn hereketlerine garşy durmagyň ýeke-täk ýolunyň ýurtlaryň agzybirligi we duýgudaşlygydygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani ýekşenbe güni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň sanksiýalarynyň garşysynda Türkiýäni goldaýandygyny aýdyp: "ABŞ-nyň birtaraplaýyn we bikanun hereketlerine garşy durmagyň ýeke-täk ýoly " sanksiýalary astyndaky ýurtlaryň duýgudaşlygygy we birleşgidigini nygtady.
Ruhani mundan başga-da Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary sebitdäki iki möhüm we täsirli ýurt hökmünde gowy we ösüşe bakan hasaplap Umumy howplara garşy göreşmek we sebitdäki problemalary çözmek üçin Tehran bilen Ankaranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Ärdogan hem, Eýran bilen Türkiýäniň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyny, esasanam artykmaç söwda mümkinçiliklerinden peýdalanmak we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin netijeli hyzmatdaşlygy we gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.