Eýranda korona iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10436-eýranda_korona_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şu wagta çenli ýurtda 1,598,875 adama korona wirusy ýokaşandygyny aýdyp soňky 24 sagatda ýene 73 adamyň korona wirusyndan ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 24, 2021 12:39 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şu wagta çenli ýurtda 1,598,875 adama korona wirusy ýokaşandygyny aýdyp soňky 24 sagatda ýene 73 adamyň korona wirusyndan ölendigini habar berdi.

Sima Sadat Lari şu gün ýurtda anyk ölçeglerine esaslanyp, kovid-19 bilen kesellän 8 müň 270 hassanyň anyklandygyny we şolardan 746-siniň keselhanalarda ýerleşdirilendigini aýtmak bilen  ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,598.875-e ýetendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de, begenç bilen şu wagta çenli 1,365,253 näsag dikeldildi ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip beýan etdi.