Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Şu wagta çenli ýurtda 1,615.184 adama korona wirusynyň ýokaşandygyny aýtmak bilen soňky 24 sagadyň dowamynda 69 ýokaşan hassanyň ölmegi bilen Eýranda korona ölüminiň sany 59,899-a ýetdi diýip yglan etdi.
Sima Sadat Lari şu gün ýurtda anyk ölçeglerine esaslanyp, kovid-19 bilen kesellän 8 müň 103 hassanyň anyklanandygyny we şolardan azyndan 500-siniň keselhanalarda ýerleşdirilendigini aýtmak bilen ýurtda “kovid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 1,615.184-e ýetendigini yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de, begenç bilen şu wagta çenli 1,379,922 näsag dikeldildi ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip beýan etdi.