Eýran sanjym öndürmek we eksport etmek merkezine öwrülmegiň bosagasynda
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri ýurdumyz geljek ýylyň ýazyna çenli sanjym öndürmek we eksport etmek boýunça esasy merkezleriň birine öwrüler diýip yglan etdi.
Said Namaki Kumda ýokary derejeli ahun ulamalar bilen duşuşygyň çäginde Iran alymlarynyň içeki sanjymlary öndürmekdäki ösüşi ajaýyp we geň galdyryjy bilip, ýakyn wagtda sanjymlary öndürmekde diňe özümizi üpjün etmeris, eýsem sanjymlary ekspor edýän ýurtlaryň biri bolarys diýdi.
Said Namaki şeýle hem, ähli sanksiýalara we korona şertlere garamazdan, dewa-derman we lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde üstünlik gazandyk we şu ýyl diňe bir milliard dollar tygşytladyk, galy bersede köp mukdarda howa geçiriji maskalar beýleki ýurtlara eksport edildi diýip beýan etdi.
Namaki şeýle-de, ejiz toparlara we ýurtdaky garrylara sanjym sanjymynyň başlandygyny yglan etmek bilen Umumy sanjym geçirilýänçä, korona wirusyndan howpsuz durmagyň ýeke-täk usuly saglyk görkezmelerini berjaý etmekdir diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministri, şeýle hem, Ynkylap ýolbaşçysynyň, ulamalaryň, we ruhanylaryň halky saglyk protokollaryny berjaý etmekde alyp barýan aladalaryna we goldawyna ýokary baha berdi we şeýle diýdi: Şübhesiz, ýolbaşçynyň goldawy bolmazdan, şu gün Koronany dolandyrmakda we bejermekde beýle üstünlik gazanyp bilmezdik.