Salehi: Geljek 3 aýyň içinde sanksiýalar ýatyrylmasa, agentligiň kameralary ýapylar
Feb 27, 2021 07:57 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň arasynda ýakynda baglaşylan şertnama salgylanyp Agentlige üç aýa çenli ýazgy ulgamlaryna we kameralaryna girmäge rugsat berilmeýär we ýakyn üç aýyň içinde sanksiýalar ýatyrylmasa, bu maglumatlar öçüriler we Agentligiň kameralary ýygnalar diýip yglan etdi.
kanun kabul edilenden iki aý soň, ýadro ylalaşygyndaky Eýranyň garşy taraplary beren wadalaryny ýerine ýetirmese, Tehranyň Goşmaça teswirnamanyň ýerine ýetirilmegini togtatjakdygyny kesgitledi we bu mesele amala aşyryldy diýip nygtady.