Ruhani, Eýranyň nebit däl eksportyny ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10490-ruhani_eýranyň_nebit_däl_eksportyny_ösdürmegiň_zerurdygyny_aýtdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ýurtda nebit däl ykdysadyýet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin nebit bolmadyk eksporty ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 28, 2021 13:56 Asia/Ashgabat
  • Ruhani, Eýranyň nebit däl eksportyny ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ýurtda nebit däl ykdysadyýet syýasatyny durmuşa geçirmek üçin nebit bolmadyk eksporty ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň "Prezident Hasan Ruhani" ýekşenbe güni Eýran döwletiniň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň mejlisinde Eýranyň dünýä ykdysadyýetine gatnaşmak hukugyny durmuşa geçirmek üçin nebit däl eksportyň ösüşiniň zerurdygyna yşarat edip, nebit däl eksportyň ösüşi, Amerikanyň zulumly we bikanun sanksiýalaryna garşy durmak üçin çydamly ykdysadyýetiň güýçli gurallaryndan biri hökmündedigini yglan etdi.

Prezident Ruhani öndürilen önümleriň hiliniň ýokarlanmagyny, şeýle hem öndürijileriň Eýranyň nebit däl eksportyny artdyrmak baradaky borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini möhüm hasaplamak bilen täze şertler hökümetiň nebit däl eksporty ösdürmekdäki maksatlaryny has çalt durmuşa geçirmegi talap edýär diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran halkyna garşy edilýän sütemleri zyýansyzlandyrmak baradaky tagallalara hem yşarat edip Eýran, açlyk we ykdysady durnuksyzlyk döretmek maksady bilen ykdysady söweş wagtynda Eýran halkyna garşy girizilen sanksiýalary zyýansyzlandyrmagy başarandyr diýip sözlerine goşdy.