Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10514-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagatda korona keseli bilen kesellän 86 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirus arkaly ölenleriniň sany 60,267 adama ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 02, 2021 14:25 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagatda korona keseli bilen kesellän 86 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirus arkaly ölenleriniň sany 60,267 adama ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lari şeýle-de şu wagta çenli ýurtda 1,648,174 adama korona wirusy ýokaşandygyny aýtdy.

Sima Sadat Lari ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 8 müň 495 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 784 adamyň keselhanada ýerleşdirlendigini habar berdi.bu hasap bilen ýurtda kovid 19 hassasynyň umumy sany 1,648,174-e ýetdi.

Ol sözüni dowam etdirdi: Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda Kowid-19 86 näsag adam öldi we bu keselden ölenleriň sany 60,267 adama ýetdi.

Larri sözüniň dowamynda şu wagta çenli Eýranda 1,406,845 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan boşadyldy diýip beýan etdi.