Ruhani: Koronanyň öňüni almak üçin çäre görülmegini umyt edýäris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10572-ruhani_koronanyň_öňüni_almak_üçin_çäre_görülmegini_umyt_edýäris
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Korona wirusyň öňüni almak üçin ädim ädim öňe tarap hereket edilmegini umyt edýäris diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 06, 2021 13:03 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Koronanyň öňüni almak üçin çäre görülmegini umyt edýäris

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Korona wirusyň öňüni almak üçin ädim ädim öňe tarap hereket edilmegini umyt edýäris diýdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani şenbe güni Milli Korona garşy baş edaranyň mejlisinde beren gürrüňlerinde Yraga ýakynlygy we saparlary sebäpli üýtgän wirusa ýokaşan Huzestan welaýatyndan başga, ýagdaýlar ýurduň beýleki welaýatlarynda-da gowydyr diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda biz aýratyn ýagdaýda durandyrys diýip beýan etdi.

Eýranyň prezidenti şeýle hem, Nowruz döwründe korona kesellerine garşy göreşmek we saglyk görkezmelerini ýerine ýetirmek üçin syýahat edilýän şäherlerde adatdan daşary mobilizlenmä ünsi çekdi.

Eýranyň prezidenti şeýle-de sözleriniň dowamynda Horasan Razawi welaýaty we onuň merkezi Maşat Al-Reza ýaly syýahat mekany bolan welaýatlarda, Demirgazyk we günorta welaýatlarda we Isfahan we Şiraz ýaly uly şäherlerde umumy mobilizasiýa geçirmeli Aralyklara we saglyk görkezmeleri gün tertipde bolmaly diýip beýan etdi.