Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda koronawirusdan 82 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şenbe güni beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda korona wirusyndan 82 adam öldi diýdi.
Sima Sadat Lari ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 8 müň 212 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 527 adamyň keselhanalarda ýerleşdirlendigini habar berdi.bu hasap bilen ýurtda kovid-19 hassasynyň umumy sany 1,681,682-e ýetdi diýip yglan etdi.
"Sadat Lari" -niň aýtmagyna görä kovid-19 keselinden Eýranda ölenleriň umumy sany 60,594 adama ýetdi we şu wagta çenli 1,435,357 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy.
Sadat Lari şeýle hem Eýranda şu wagta çenli kovid-19-yň 11 million 212 müň 921 anyklaýyş synagy geçirildi diýip habar berdi.