Eýranyň kazyýet başlygy dünýäniň ezijilerine garşy durmagyň zerurlygyny nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10588-eýranyň_kazyýet_başlygy_dünýäniň_ezijilerine_garşy_durmagyň_zerurlygyny_nygtady
Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy dünýäniň ulumsy we köp isleýjilerine garşy durmagyň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 08, 2021 12:05 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň kazyýet başlygy dünýäniň ezijilerine garşy durmagyň zerurlygyny nygtady

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy dünýäniň ulumsy we köp isleýjilerine garşy durmagyň zerurdygyny aýtdy.

 Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ybraýym Raisi Kazyýetgüýjüniň ýokary geňeşiniň şu günki mejlisinde beren gürrüňlerinde, Rewolýusiýanyň ýokary lideri tarapyndan düşündirilen strategiýanyň durmuşa geçirilmeginiň ýurt üçin ýol görkezijidigini beýan etdi.

Raisi şeýle-de häzirki wagtda wezipe hemmeler üçin düşnüklidir we Eýran halkynyň hemmesi eziji duşmanlaryna garşy durmagy dowam etdirmelidirler diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň kazyýet başlygy sözüniň dowamynda ynkylabypyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň açaçan bellän zady ähli sanksiýalaryň ýatyrylmalydygy we tassyklanmalydygy we bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegini hökman yzarlamalydyrys diýip açyklap aýtdy.

Seýed Ybraýym Raisi sözleriniň ahyrynda bu abraýly strategiýanyň durmuşa geçirilmegi duşmany yza çekilmäge mejbur eder diýdi.