"Sarahs" serhedinden Eýranyň demir ýol gatnawy artdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10614-sarahs_serhedinden_eýranyň_demir_ýol_gatnawy_artdy
Horasan demir ýolunyň baş müdiri, Eýranyň Sarahs serhedinden Eýranyň demirýol gatnawynyň köpelendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 09, 2021 07:38 Asia/Ashgabat

Horasan demir ýolunyň baş müdiri, Eýranyň Sarahs serhedinden Eýranyň demirýol gatnawynyň köpelendigini habar berdi.

Horasan demir ýolunyň baş müdiri Mustafa Nasiri Worg sişenbe güni IRNA bilen söhbetdeşlikde Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Horasan Razawi welaýatynyň Sarahs demir ýol serhedinden şu ýylyň ilkinji 11 aýynda (1399) geçen ýylyň degişli döwri (1398) bilen deňeşdirilende 9% ýokarlandy divip hasabat berdi.

Bu statistika, Türkmenistan bilen Sarah demir ýol serhedinde 11 aýyň umumy görkezijisidir we koronanyň ýaýramagy sebäpli bu serhetiň ýapylmagyna garamazdan harytlaryň üstaşyr geçişi ýokarlandy diýip Horasan demir ýolunyň baş müdiri Mustafa Nasiri Worg sözüne goşdy.

"Mustafa Nasiri Worg" -yň habaryna görä: Bu döwürde Sarahs demirýol serhedinden 430,000 tonna dürli harytlar we 10 000 wagonly üstaşyr ýükler daşaldy.