Amir Abdollahian: Ýewropanyň gepleşik syýasaty wagty ýitirmekdir
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Ýewropanyň gepleşik syýasaty we Amerikanyň birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýatyrmak üçin çynlakaý tagallalarynyň bolmazlygyny wagt ýitirmek diýip atlandyrdy.
Hosseýn Amir-Abdollahian, Daniýanyň Tährandaky ilçisi Jasper War bilen bolan duşuşygynda ýadro şertnamasynda gepleşik geçirýän üç Ýewropa ýurdunyň hereketsizligini tankytlamak bilen ABŞ we Angliýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly üç ýurt özlerini alyp barşlary bilen ýadro şertnamasyny ölüme eltdiler diýdi.
Eýran mejlisiniň başlygynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Ýewropanyň gepleşik syýasaty we ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy birtaraplaýyn sanksiýalaryny ýatyrmak üçin çynlakaý tagallalarynyň ýokdugyny wagty ýitirmek hasaplap Eýrana garşy girizilen sanksiýalar ýatyrylmasa we beýleki taraplar öz borçlaryny ýerine ýetirmese, Eýran Yslam Respublikasynyň täze senariýalary bardyr diýip nygtady.
Duşuşykda Daniýanyň Tährandaky ilçisi Jasper War hem Daniýanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen barha artýan hyzmatdaşlygyna ünsi çekmekden we parlament hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, ýadro şertnamasyny goldamakda ýurdunyň pozisiýasyny we ähli taraplar tarapyndan borçlaryny ýerine ýetirmek arkaly ony gorap saklamagyň we dikeltmegiň zerurdygyny açyklap aýtdy.