Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagatda korona keseli bilen kesellän 61 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirus arkaly ölenleriniň sany 60,928 adama ýetdi diýdi.
Sima Sadat Lari ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 8 müň 603 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 701 adamyň keselhanalarda ýerleşdirlendigini habar berdi.bu hasap bilen ýurtda kovid 19 hassasynyň umumy sany 1,715,162-e ýetdi.
Larri sözüniň dowamynda şu wagta çenli Eýranda 1,464,268 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan boşadyldy diýip beýan etdi.