Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň arasyndaky bilelikdäki ylalaşygyň tehniki taraplarynynyň açyklamasy
Eýranyň ilçisi we Wenadaky halkara guramalardaky hemişelik wekili Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň arasyndaky bilelikdäki beýannamanyň tehniki taraplaryny düşündirdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýranyň ilçisi we Wenadaky halkara guramalaryndaky hemişelik wekili "Kazem Gharibabadi" Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň arasyndaky Özara düşünişmek kararynyň 2-nji bölüminde aýdylyşy ýaly, Agentlik goşmaça tehniki sanawyna laýyklykda üç aýlap möhüm barlag we gözegçilik işlerini dowam etdirer diýdi.
Gharibabadi sözüniň dowamynda "Goşmaça teswirnamany goşmak bilen ähli meýletin we aç-açan çäreler togtadyldy we bu gepleşikde gazanylan üstünlikdir diýip ngtady.