Hatibzadeh: Üç hepdeniň içinde Ýenemeni basyp almak baradaky hyýal amala aşmady
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary twit ýazyp, Saud Arabystanynyň Ýemene garşy harby agressiýasynyň we gabawynyň bes edilmegini nygtamak bilen alty ýyl geçdi ýöne Ýemeni “üç hepdelik” basyp almak baradaky puç hyýal amala aşmady diýdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, "Said Hatibzadeh" penşenbe güni twit ýazyp, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň ýerine ýetiriji müdiriniň Ýemendäki açlyk, şeýle hem Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky bileleşik tarapyndan Ýemen halkyny bombalamak we gabaw astyna almagy barada söz açyp Saud Arabystany gabalan we açlykda galan Ýemeni ahlak ýörelgelerini bozup ýene bir gezek bombalaýar diýip yglan etdi.
Hatibzadeh şeýle hem, Saud Arabystany bu öldürmegi we musulmanlara we araplara garşy söweşi bes etmelidir diýdi.
Bütindünýä azyk maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýemendäki açlyk barada durup geçip, 400,000-den gowrak çaganyň ýiti ýetmezçilikden ejir çekýändigini we gyssagly bejerilmese öljekdigini aýtdy.