Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i10690-eýranda_koronanyň_iň_soňky_ýagdaýy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary geçen 24 sagatyň dowamynda koronawirusdan 88 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusyň ölenleriniň sany 61,230 adama ýetdi diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 14, 2021 13:12 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary geçen 24 sagatyň dowamynda koronawirusdan 88 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusyň ölenleriniň sany 61,230 adama ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lari ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 7 müň 593 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 748 adamyň keselhanalarda ýerleşdirlendigini habar berdi.bu hasap bilen ýurtda kovid-19 hassasynyň umumy sany 1,746,953-e ýetdi diýip yglan etdi.

Larri sözüniň dowamynda şu wagta çenli 1,492,488 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip yglan etdi.