Bageri Kani: Yslam respublikasyndaky adam hukuklary reňkli däldir
Eýran kazyýetiniň adam hukuklary merkeziniň sekretary: "Yslam respublikasyndaky adam hukuklary reňkli däldir" diýmek bilen Eýranyň Palestinde, Liwanda, Siriýada, Yrakda we Ýemende adam hukuklaryny goraýşy ýaly, Ýewropadaky halkyň hukuklaryny goraýar diýdi.
Ali Bageri Kaani, daşary ýurtlaryň ilçileriniň we wekilleriniň arasynda Eýranda zalymlykly sanksiýalaryň täsirini öwrenmek boýunça geçirilen ýygnakda beren gürrüňlerinde: ýakynda meniň bilen bolan duşuşygymda, Günbatar ýurdunyň ilçisi menden öz ýurdy bilen baglanyşykly bir tussaga derman bukjasyny bermek üçin "ynsanperwerlik çäresi" hökmünde kömek bermegimi isledi emma men oňa bu dermanyň tussaga berilendigini aýtdym, ýöne siz adam hukuklary toslaýanlar, 85 million ilatly bolan bir ýurduň derman içmegine päsgel berdiňiz, adam hukuklary barada ganynyz gaýnamaýarmi diýip ? aýtdym diýdi.
Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary merkeziniň sekretary: "Yslam respublikasyndaky adam hukuklary reňkli däl"; Palestinde, Liwanda, Siriýada, Yrakda we Ýemende adam hukuklaryny goraýyşy ýaly şol çynlakaýlyk bilen hem, Ýewropadaky halkyň hukuklaryny goraýar, Bosniýa we Gersegowinanyň ezilen halkynyň janyny we hukuklaryny goramak üçin, agressiwlere garşy çykyş edýär we "ezilen we ejiz Ýewropalylary" "eziji ýewropalylerden goraýar diýip beýan etdi"